Türkmenistanyň Döwlet sirkinde täze möwsüme badalga berildi

Düýn, 17:081,212
1 / 2

Türkmenistanyň Döwlet sirkinde täze möwsüm açyldy. Tomaşaçylara «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we «Türkmen jigitleriniň» çykyşlary garaşýar.

«Galkynyş» topary milli sirk sungatynyň ýyldyzlary bolup, alty gezek halkara sirk festiwallarynyň baýrak eýeleri boldy.

Täze möwsümde tomaşaçylara ýörite taýýarlyk geçen haýwanlaryň gatnaşmagyndaky çykyşlar hem görkeziler.

Petekleri sirkiň resmi saýtynda onlaýn görnüşde ýa-da kassalardan satyn alyp bilersiňiz.

Türkmenistanyň Döwlet sirki Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 134 «A» jaýy salgysy boýunça ýerleşýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 36-10-95, 36-10-34, 39-80-44, 39-80-45.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.