ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde ekologiýa žurnalistikasy boýunça türgenleşik geçirildi

Düýn, 23:03269
1 / 2

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ekologiýa meselelerini ýaýbaňlandyrmak boýunça iki günlük okuw treningi geçirildi. Çärä tmcars news neşiriniň habarçysy bilen birlikde, Türkmenistanda hereket edýän metbugat neşirleriniň, habar saýtlarynyň, milli telewideniýäniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Treningiň dowamynda halkara bilermen Angelina Dawydowa (Russiýa, Germaniýa) gatnaşyjylara häzirki ekologik gün tertibi we ygtybarly maglumat çeşmelerini kesgitlemegiň usullary barada gürrüň berdi. Žurnalistler toparlara bölünip, Türkmenistan, Merkezi Aziýa we dünýä üçin möhüm bolan ekologiýa meselelerini gözlemegiň üstünde işlediler. Hödürlenen taslamalaryň geljekde täze makalalar üçin esas bolup biljekdigi bellenildi.

Treningde häzirki zaman emeli aň gurallaryna hem aýratyn üns berildi. Programmaçy Batyr Rejepow (Türkmenistan) žurnalistikada neýroulgamlary ulanmak boýunça tejribesi bilen paýlaşdy. Okuwa onlaýn gatnaşan Gazagystanyň wekili Marat Sadykow bolsa internet bilen işlemegiň amaly usullaryny görkezdi.

Çärä gatnaşyjylar ekologik we howa meseleleriniň durnukly ösüşde ykdysadyýet we sosial abadançylyk bilen bir hatarda möhüm orun eýeleýändigini bellediler. Şol bir wagtyň özünde bu temalary beýan etmekde ylmy maglumatlara, statistika we çylşyrymly sebäp-netije baglanyşyklaryna dogry düşünmegiň zerurdygy nygtaldy. Maglumatlaryň köplügi, şol sanda nädogry maglumatlar we dezinformasiýa, žurnalistler üçin goşmaça kynçylyk döredýär.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Wilýam Lif žurnalistleriň daşky gurşaw meseleleri barada jemgyýete ygtybarly maglumat ýetirmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, maglumatlary barlamak, çeşmelere tankydy we jogapkärçilikli çemeleşmek, pikirleri düşnükli beýan etmek hem-de maglumatlaryň okyjylar üçin takyk we peýdaly bolmagyny üpjün etmek möhümdir.

Okuw treningi ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň howa başlangyçlaryny goldamaga we media sowatlylygyny ösdürmäge gönükdirilen ulgamlaýyn işleriniň çäginde geçirildi.

2024-nji ýylyň 3-nji maýynda ÝHHG-niň Metbugat azatlygy boýunça wekili, BMG-niň, Amerikanara adam hukuklary boýunça komissiýasynyň we Adam we halklaryň hukuklary boýunça Afrika komissiýasynyň pikir aýtmak azatlygy boýunça ýörite mandat eýeleri bilen bilelikde «Howa krizisi we pikir aýtmak azatlygy hakynda bilelikdäki jarnama» kabul etdi. Resminamada ekologik žurnalistleriň jemgyýeti daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler barada habarly etmekdäki möhüm orny bellenilýär.

2026-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Halkara aragatnaşygy ösdürmek maksatnamasy we ÝHHG-niň Metbugat azatlygy boýunça wekiliniň edarasy «Daşky gurşawy beýan etmek: žurnalistler üçin amaly gollanma» atly bilelikdäki neşiri çap etdi. Gollanma syýasat, işewürlik, medeniýet we ýerli jemgyýetler bilen baglanyşykly ekologik temalary beýan etmek, maglumatlary barlamak, maglumatlar we emeli aň gurallary bilen işlemek ýaly meseleleri öz içine alýar.