31-nji awgustda Türkmenistan we Bütindünýä tebigaty goramak gaznasy (WWF) daşky gurşawy goramak babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Resminama 2026–2030-njy ýyllar üçin bilelikdäki taslamalary taýýarlamagy hem-de bioköpdürlüligi we tebigy ekoulgamlary gorap saklamakda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi göz öňünde tutýar. Gol çekmek dabarasy wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirildi.
Ähtnamanyň astynda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Öwezgeldi Goşjanow hem-de WWF-niň Gündogar, Merkezi Aziýa we Ýuwaş umman sebitleri boýunça sebit direktory Žan-Pol Paddak öz gollaryny goýdular.

Hyzmatdaşlykda göz öňünde tutulýan esasy ugurlaryň biri ýabany tebigaty goramak we aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamyny kämilleşdirmek bolar. Şeýle hem taraplar bioköpdürlülige gözegçilik etmek hem-de Aziýa gaplaňynyň, gulanlaryň, Buhara sugunynyň, jereniň we Amyderýa pilburnunyň populýasiýalaryny gorap saklamak boýunça iş alyp barmagy meýilleşdirýär. Guşlaryň we ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerine aýratyn üns gönükdiriler.
Hyzmatdaşlygyň çäginde ekologik geçelgeleri we bufer zolaklaryny ösdürmek, tebigy landşaftlary we ekoulgamlary dikeltmek, şeýle hem ekologik bilim bermegi ösdürmek we ylmy bilimleri alyşmagy giňeltmek göz öňünde tutulýar.
Ýene bir ugur Merkezi Aziýa ýurtlary bilen serhetüsti tebigaty goraýyş hyzmatdaşlygyna bagyşlanar. Taraplar tejribe alyşmagy, halkara bilermenleriň tejribesini peýdalanmagy we bilelikdäki taslamalar üçin zerur serişdeleri çekmegi maksat edinýär.