«Burning Man» festiwalyna döwük Eýfel diňi getirildi

Düýn, 09:455,808
1 / 3

Newada ştatyndaky Blek-Rok çölünde geçirilýän «Burning Man» festiwalynda ortasyndan göni ikä bölnen, beýikligi 30 metre ýetýän Eýfel diňi görnüşindäki installýasiýa guraldy. «Eiffela Broken Dream» («Eýfel: Kül bolan arzuw») atly bu gurnama teklip edilen 500 töweregi taslamanyň arasyndan saýlanyp alyndy.

Bu heýkeliň awtory fransuz telekeçisi we çäre guramaçysy Filipp Mendron boldy. Diňiň dört sütünli aşaky bölegi, awtoryň pikiriçe, ýitip giden siwilizasiýanyň heläkçiligini, ýokary gönükdirilen depesi bolsa — ýagty geljege bolan umydy aňladýar.

Gurnamanyň iki böleginiň arasyndan tros çekilen, onuň üstünden bolsa darbaz ýöräp geçýär.

Agramy 30 tonna bolan polat gurluş bäş müň sany metal bölekden we 10 müňden gowrak boltdan ybarat. Ony ýygnamak üçin 72 sagat sarp edildi. Esasy elementler Fransiýada taýýarlanyp, soňra ABŞ-a getirildi.

Taslamanyň umumy býujeti 300 müň ýewro boldy. Mendron bu heýkeli öz hasabyna gurnady, hatda munuň üçin karz hem aldy.

Festiwal tamamlanandan soň, «Eiffela Broken Dream» auksiona çykarylar. Onuň başlangyç bahasy 500 müň dollar bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.