Türkmenistan we Koreýa bilelikdäki grant we tejribe maksatnamalaryny maslahatlaşýar

Şu gün, 12:01524
1 / 2

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy magistrantlar, doktorantlar we ýaş alymlar üçin bilelikdäki grant we tejribe maksatnamalaryny döretmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy. Bu mesele Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Koreýa Respublikasynyň Ählumumy innowasiýa okuwlary guramasynyň (Global Innovation Studies instituty) ýerine ýetiriji direktory Kim Kýo Şigiň arasynda geçirilen duşuşykda gozgaldy.

Duşuşygyň dowamynda bilim, ylym we innowasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň dürli taraplaryna seredildi.

Türkmenistanda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, şeýle hem ýaşlaryň ylmy we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge aýratyn üns berilýändigi bellenildi. Bu babatda hünär-tehniki bilim ulgamynda koreý tejribesini öwrenmek we mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edildi.

Şeýle hem saparyň çäklerinde «Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Ählumumy innowasiýa okuwlary guramasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekildi. Resminama bilim, ylmy gözlegler we innowasiýa işjeňligi ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, tejribe alyşmak hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleri döredýär.

Taraplar emeli aň we sanly tehnologiýalar ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň geljegini, zähmet bazarynyň geljekki zerurlyklary we täze hünärler boýunça hünärmenleriň duşuşyklaryny hem-de tegelek stol arkaly maslahatlary geçirmegi maslahatlaşdy.

Şeýle hem ýaşlaryň we alymlaryň akademiki hereketliligini giňeltmek meselelerine seredildi.