Türkmenistanly talyplara BAE-de doly talyp haky bilen okamak teklip edilýär

Düýn, 17:202,300

BAE-niň Şarja emiratyndaky Global Studies University daşary ýurtly dalaşgärlerden, şol sanda Türkmenistanyň raýatlaryndan magistratura we doktorantura maksatnamalary boýunça arzalary kabul edip başlady. Okuw 2027-nji ýylyň güýzünde başlar.

Ýokary okuw mekdebi gumanitar we sosial ylymlary, şol sanda dil bilimi, taryh, syýasat we halkara gatnaşyklaryny öz içine alýan ählumumy barlaglar boýunça bäşýyllyk PhD doktorantura maksatnamasyny hödürleýär.

Isleg bildirýänler üçin Afrikanyň ählumumy barlaglary boýunça ikiýyllyk magistratura hem hödürlenýär, ol saýlap almak üçin üç sany hünär ugruny öz içine alýar:

  • muzeý işi we tankydy miras öwreniş,
  • Afrikanyň diplomatiýasy we halkara gatnaşyklary,
  • afro-arap gatnaşyklary.

Iki maksatnama hem iňlis dilinde ýüzbe-ýüz görnüşde geçirilýär. Okuwa girmek üçin degişli ugur boýunça diplom (ortaça baly 3,0-dan pes bolmadyk), şeýle hem 6,5 bal netijeli IELTS Academic ýa-da 91 bally TOEFL iBT şahadatnamasy talap edilýär.

Ortaça baly ýokary bolan (4,0 balyň 3,5 balyndan pes bolmadyk) talyplar okuw tölegini, ýaşaýyş jaýyny, lukmançylyk ätiýaçlandyrmasyny, uçar petegini, aýlyk tölegi we barlag çykdajylaryny doly ýapýan talyp haky bäsleşigine gatnaşyp biler. Şol bir wagtyň özünde, ýokary okuw mekdebine kabul edilmek talyp hakyny aljakdygyňy kepillendirmeýär.

Resminamalary kabul etmek 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabryna çenli dowam eder. Resminamalaryň doly toplumyny iberen ilkinji 40 dalaşgär 365 BAE dirhamy möçberindäki hasaba alyş ýygymyndan boşadylýar.

Okuwa girmegiň jikme-jik şertleri we zerur resminamalaryň sanawy bilim maksatnamalarynyň resmi sahypalarynda neşir edilýär.