UFC 334-iň esasy söweşinde titul ugrunda Siril Gan bilen Joş Hokit duşuşar

Şu gün, 09:481,459
1 / 3

Garyşyk söweş sungaty boýunça UFC 334 ýaryşynyň esasy söweşinde agyr agramdaky çempionlyk guşagy ugrunda fransiýaly Siril Gan bilen UFC-niň reýtinginde dördünji orny eýeleýän ýeňilmezek amerikan Joş Hokit duşuşar.

Ýaryş 14-nji noýabrda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki «Madison Square Garden» arenasynda geçiriler.

36 ýaşly Siril Gan geçen hepde Tom Aspinall çempionlyk guşagyndan meýletin ýüz öwrenden soň UFC-niň agyr agramdaky doly hukukly çempiony diýlip yglan edildi.

Fransiýaly söweşiji MMA-daky professional karýerasyna 2018-nji ýylda başlady. 2019-njy ýyldan bäri UFC-de çykyş edýär. Ol agyr agramda üç gezek çempionlyk guşagyna dalaşgär boldy. Ganyň UFC-däki hasaby 11 ýeňişden we 2 ýeňlişden ybarat.

28 ýaşly Joş Hokit UFC-de 2025-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Ol promouşende geçiren dört söweşiniň hemmesinde ýeňiş gazandy. Onuň professional MMA rekordy bolsa 10 ýeňişden ybarat. Hokity heniz ýeňip gören ýok.

Ikinji esasy söweşde UFC-niň zenanlaryň iň ýeňil agramdaky çempionlyk guşagy ugrunda Kaýla Harrison bilen Amanda Nunýes duşuşar.

UFC 334-iň esasy kardy:

  • Siril Gan — Joş Hokita (agyr agram, çempionlyk söweşi);
  • Kaýla Harrison — Amanda Nunýes (zenanlaryň iň ýeňil agramy, çempionlyk söweşi);
  • Kaýo Borralýo — Ýusri Belgarui (orta agram);
  • Uroş Mediç — Kewin Holland (ýarym-orta agram derejesinde);
  • Bilal Hasan — Luis Gurule (iň ýeňil agram).

Deslapky kard:

  • Stiwen Tompson — Çarlz Radtke (ýarym-orta agram);
  • Drýu Dober — Kris Dankan (ýeňil agram);
  • Jim Miller — Terrens MakKinni (ýeňil agram);
  • Donte Jonson — Baýsangur Susurkaýew (orta agram);
  • Beatris Mezkita — Meýsi Çiasson (zenanlaryň iň ýeňil agramy);
  • Adrian Ýanes — Huan Dias (iň ýeňil agram);
  • Nazim Sadyhow — Jefferson Nasimento (ýeňil agram).

Şeýlelikde, häzirki wagtda UFC 334-iň kardyna 12 söweş girizildi. Söweşleriň tertibine soň üýtgeşmeler girizilip bilner.