«Arkadag» AFK Çempionlar ligasy-2-niň birinji tapgyrynda Bahreýniň çempionyndan üstün çykdy

Şu gün, 06:333,997
1 / 3

Türkmenistanyñ «Arkadag» futbol topary AFK Çempionlar ligasy-2-niň toparlaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Bahreýniň «Al-Muharrak» klubuny 1:0 hasaby bilen ýeňdi. Oýun Arkadag şäherindäki stadionda geçirildi.

AFK-nyň hemme oýunlary Hytaýda we Nepalda bolup geçen weýrançylykly suw joşgunlarynda hem-de ýer süýşgünlerinde heläk bolanlaryň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlykdan başlandy.

Geçen duşuşykda ýeke-täk goly 52-nji minutda Mekan Saparow saldy. Ol burçdan galdyrylan topy kellesi bilen süsüp, tora geçirdi.

«Arkadag» we «Al-Muharrak» ýaryşyň «B» toparçasynda BAE-niň «Al-Jazira» hem-de Eýranyň «Gol Gohar» toparlary bilen bilelikde çykyş edýär. Toparçanyň beýleki duşuşygynda ol klublar 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

Şeýlelikde, birinji tapgyryň netijelerine görä, üç utuk gazanan türkmen kluby «B» toparçada birinji orna geçdi. «Al-Jazira» bilen «Gol Gohar» bir utuk gazandy, «Al-Muharrak» bolsa utuksyz galdy.

«Arkadag» üçin bu ýeňiş saýlama tapgyryny üstünlikli geçenden soň ýaryşyň täze möwsümindäki ilkinji üstünligi boldy. Türkmen topary saýlama tapgyrynda Hindistanyň «Goa» klubundan 3:0 hasabynda üstün çykypdy.

Toparçalaýyn tapgyryň indiki duşuşyklary 14-nji oktýabrda geçiriler. «Arkadag» myhmançylykda «Al-Jazira» bilen duşuşar, «Al-Muharrak» bolsa öz meýdançasynda «Gol Gohary» kabul eder.

AFK Çempionlar ligasy-2-niň toparçalaýyn tapgyry dekabr aýynda tamamlanar. Toparlarda iň gowy netijäni görkezen 16 klub pleý-off tapgyryna çykar. Ýaryşyň final duşuşygy 2027-nji ýylyň 15-nji maýynda geçiriler.