«Men iň gowy söweşiji»: Salahdin Parnass UFC-däki ilkinji urşunda tejribeli Den Hukeri ýeňdi

Düýn, 15:536,896
1 / 4

6-njy sentýabra geçilen gije Parižde UFC Fight Night 287 ýaryşy guraldy, onuň esasy wakasy 28 ýaşly fransuz türgeni Salahdin Parnassyň täsirli çykyşy boldy. Öň Polşanyň KSW promouşeniniň iki agram derejesinde çempion bolan türgen UFC-niň tejribeli söweşijisi — täze zelandiýaly Den Huker bilen duşuşdy.

Tutluşyk eýýäm birinji raundyň 2:25 wagt belliginde tamamlandy. Tutluşygyň başynda türgenler seresaply hereket edip, birek-birege garşy birbada aýgytly hüjüme geçmekden saklandy. Soňra Parnass has işjeň hüjüm edip başlady, garşydaşynyň aýagyna, göwresine we kellesine urgy baryny ýagdyrdy. Huker hem ony jogapsyz galdyrmady.

Salahdin has aýgytly herekete geçip, Hukeriň sag böwrüne depdi. Täze zelandiýaly söweşiji agyra çydaman, yza çekilmeli boldy. Fransuz pursatdan peýdalanyp, dessine haý-kik we çep huk bilen hüjümini dowam etdirdi. Yzygiderli ýagýan urgulardan soň emin goşulyp, söweşi saklady.

«Men dünýäde iň gowy söweşiji. Ýeňjegimi bilýärdim — garşydaşlarymyň ählisini soňuna ýetirmän ýeňýän, bu gezegem şeýle boljagyny bilýärdim. Indi indiki söweşe, mümkin bolsa, top-5-likdäki garşydaşlaryň biri bilen ýüzleşesim gelýär. Arzuwym — Maks Hollouweý bilen uruşmak. Ol rowaýata öwrülen söweşiji, oňa goýýam hormatym uly. Ýöne hut şonuň bilen söweşmek arzuwym bar. Ol BMF guşagynyň eýesi bolupdy, ýeňil agram derejesinde titul gazandy, başarmadyk zady ýok diýen ýaly. Şonuň üçin onuň bilen ýa-da birinji bäşlikdäki beýleki söweşijileriň biri bilen duşuşasym gelýär. UFC, men taýýar!» — diýip, Parnass söweşden soň gürledi.

Bu ýeňiş Salahdin üçin yzygiderli altynjy möhletinden irki ýeňiş boldy. Indi onuň MMA-daky professional rekordy iki ýeňliş bilen 24 ýeňişden ybarat. Huker, öz gezeginde, yzygiderli üçünji ýeňlişine sezewar boldy.

Söweşden soň Parnass diwizionyň top-5 söweşijileriniň biri bilen uruşmaga taýýardygyny we Maks Holloweý bilen söweşiň öz arzuwydygyny aýtdy.

UFC Fight Night 287 ýaryşynyň beýleki tutluşyklarynyň netijeleri:

  • Aksel Sola Fares Ziamy 1-nji raundda nokaut bilen ýeňdi (1:40);
  • Maýkl Peýj Nursulton Ruziboýewi eminleriň biragyzdan gelen çözgüdi bilen ýeňdi (29-28, 29-28, 29-28);
  • Daniil Donçenko Punaele Sorianony eminleriň biragyzdan çözgüdi bilen ýeňdi (30-27, 30-27, 29-28);
  • Körtis Kempbell Trewor Piki 3-nji raundda demikdiriji emel (Rear Naked Choke) bilen ýeňdi (3:07);
  • Losene Keýta Muhammajon Naimowy 1-nji raundda nokaut bilen ýeňdi (2:54);
  • Felipe Lima Morgan Şarýeni eminleriň biragyzdan gelen çözgüdi bilen ýeňdi (30-27, 30-27, 29-28);
  • Mario Pinto Raýan Spenni 2-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi (0:55).
  • Modestas Bukauskas Umar Sini 2-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi (3:57);
  • Pawel Andruska Nataniel Wudy biragyzdan çykarylan çözgüt bilen ýeňdi (30-27, 30-27, 29-28);
  • Fabiýa Sintes Maýkl Aljarujy eminleriň biragyzdan gelen çözgüdi bilen ýeňdi (29-28, 29-28, 29-27);
  • Nora Kornol Klaudiýa Sygulany eminleriň biragyzdan gelen çözgüdi bilen ýeňdi (30-27, 30-27, 30-27);
  • Mattýo Leto Dýuklo Luis Felipe Diasy 1-nji raundda nokaut bilen ýeňdi (4:35).

Bonuslar:

Ýaryşyň jemleri boýunça, UFC iň gowy söweşler üçin bonuslaryň eýelerini mälim etdi. «Agşamyň iň gowy çykyşy» üçin $100 000 möçberinde bonuslary Salahdin Parnass, Aksel Sola, Losene Keýta we Mario Pinto aldy.

Mundan başga-da, möhletinden öň ýeňiş gazanan we öz agram derejesiniň çägine sygan her bir türgen goşmaça $25 000 möçberinde bonus alar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.