Ispaniýada iň çalt pazl ýygnamak boýunça dünýä çempionaty geçdi

Şu gün, 12:40322
1 / 2

Ispaniýanyň Walýadolid şäherinde iň çalt pazl ýygnamak boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa 70 ýurtdan, takmynan, 1700 adam gatnaşdy.

Deslapky tapgyrdaky ýumuş hökmünde bäsdeşleriň wagt tutulýança öň asla görmedik pazlynyň berilmegi ýaryşy öňküden-de gyzykdyrdy. Guramaçylar jemleýji pazlyň diňe ýaryşda düzüljek güni satuwa çykarylýandygyny aýdýar.

Wagt tutmak arkaly geçirilen tapgyrda niderlandly biolog talyp ýeňiş gazandy. Ýeňiji bolup geçen ýagdaýy «arassa hyjuw hem bulam-bujarlyk» diýip atlandyrdy. Aýtmagyna görä, ol elçarpyşmalara garaşýan wagty elleriniň saňňyldysyny-da saklap bilmändir.

Meýletinçileriň biri bäsdeşleriň ýeňiş üçin göreşýändigine garamazdan, birek-biregi goldandyklaryny-da gürrüň berdi. Bäsleşikdäki dartgynlylygyň ýokary bolmagyna seretmezden, bu ýaryş resmi professional sport görnüşine degişli däl: gatnaşyjylar ýol we myhmanhana çykdajylaryny öz hasabyna töleýär. Şeýle-de bolsa käbir adamlar, bu ýaryşa gatnaşmak üçin, hatda Ýaponiýadan we Awstraliýadan hem ýyllarboýy yzygiderli gelýär.