Ispaniýanyň Sasamon şäherinde arheologlar iki müň ýyl mundan ozalky «rimli mamanyň aşhanasyny» ýüze çykardy. Onuň içinde ähli zerur gap-gaçlar, hatda çörek bişirilýän pejiň galyndylary-da saklanyp galypdyr.
Tapyndynyň ýüze çykarylan ýeri bolan Santa-Mariýa-la-Real ybadathanasynyň eteginde 2023-nji ýyldan bäri Salamanka uniwersitetiniň we Ispaniýanyň Milli ylmy-barlag geňeşiniň alymlary gözleg işlerini alyp barýar.

Aşhana imperator Awgust bilen Tiberiniň döwrüne, ýagny rim täsiriniň bu topraklara ýaýrap başlan wagtyna degişli. Segisamo şäheriniň özi bolsa, has soňky gatlaklaryň aşagynda demir asyryna mahsus gurluşyklaryň tapylmagyndan çen tutsaň, rimlilerden hem öň döräpdir.
Tapylan otag örän sada gurluşly bolup, onuň diwarlary daş binýadyň üstünde çig kerpiçden gurlan, düşegi bolsa eýlenen palçykdan edilen. Kiçijik basgançak pejiň ýerleşen ýerine alyp barýar. Külüň we kömrüň galyň gatlagy bar diýmeseň, pejiň özünden hiç zat galmandyr diýen ýaly.
Iň esasy tapyndylar aşhananyň içinden we onuň töwereginden ýüze çykaryldy. Arheologlar ol ýerden uly gaplary – gazanlary, golçalary, okaralary, sokulary, küýzeleri we tabaklary tapdy. Olaryň käbiri pompeý däbine mahsus Rim imperiýasynyň ähli künjeginde ýaýran, gyzyl örtükli keramika bilen örtülen. Şeýle-de galyndylaryň arasynda klibanyň – çörek bişirmek üçin göçme pejiň bölekleriniň bardygy hem anyklanyldy.

Gap-gaçlar dürli däpleriň garyşyklygyny görkezýär. Olaryň bir bölegi Apennin ýarym adasyndan getirilipdir, beýlekileri bolsa turmog medeniýetiniň aýratynlyklaryny saklamak bilen şol ýerde taýýarlanypdyr. Alymlar täze bilen könäniň utgaşan aşhanasyny, degişme bilen, «turmog mamasynyň aşhanasy» diýip atlandyrdy.
Gazuw-agtaryş işleri dowam edýär. Aşhanadan başga-da arheologlar orta asyr we has soňky döwürlere degişli gurluşyklary, XIX asyra degişli, takmynan, on sany gubury, bezeg şaýlaryny, ýag çyralaryny, demir pyçaklary we ýazgyly keramikany tapdy. Haýwan süňkleriniň we beýleki organiki galyndylaryň seljerilmegi gadymy Segisamonyň ýaşaýjylarynyň nähili iýmitlenendigini anyklamaga kömek eder.