Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Şu gün, 10:022,054

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň hem-de Halk Maslahatynyň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli gutlady. Gutlag hatynyň teksti 22-nji sentýabrda TDH tarapyndan neşir edildi.

«Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, mähriban halkymyzy beýik işlere ruhlandyrmaga, hemişelik Bitarap Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da belende galdyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin».

Gutlag hatynda ýurduň ösüşiniň esasy maksatlarynyň asudalygy, howpsuzlygy we durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekden, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan, şeýle hem bütin dünýäde parahatçylygy we özara ynanyşmagy berkitmekden ybaratdygy bellenilýär.

«Siziň "Türkmeniň buýsanjy" atly goşgyňyzdaky:

"Halkyň göwni bolup gülleýär zaman,
Ol dowamat-dowamydyr türkmeniň"

– diýen ganatly sözleriňiz halkymyzy döredijilikli zähmete, täze üstünliklere ruhlandyryp, beýik ösüşlere bolan ynamyny berkidýär» – diýlip, hatda bellenilýär.

Şeýle hem gutlagda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň giňden ykrar edilendigi, ýurduň halkara başlangyçlarynyň bolsa uly goldawa eýe bolýandygy bellenilýär. Mysal hökmünde Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 30-dan gowrak Kararnamanyň kabul edilmegi agzalyp geçilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna golaýda amala aşyran döwlet saparyny we onuň «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşmagyny hem belläp, olaryň netijeleriniň halkara ähmiýetini nygtady.

Gutlag hatynda döwrebap ýaşaýyş toplumlarynyň, medeni-durmuş we senagat maksatly desgalaryň gurluşygy, şeýle hem Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilmegi hem bellenilip geçilýär.

Sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezidente ýene-de bir gezek jan saglyk, uzak ömür hem-de ýurduň gülläp ösmegine, onuň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen özgertmelerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.