Halk Maslahatynyň Başlygy durky täzelenen Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi

Şu gün, 16:33556
1 / 4

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow düýpli döwrebaplaşdyrylan we täzeden gurlan Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna baryp, ondaky desgalar we atlaryň saklanyş şertleri bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýer togalagynyň we onuň üstünde ýerleşdirilen taýçanagyň şekili toplumyň esasy aýratynlyklarynyň birine öwrüldi. Atyň toýnaklarynyň aşagyndaky ýer togalagy kebelek şekillerinden ýasalypdyr.

Toplumyň meýdany 76 gektara barabardyr. Bu ýerde dünýäde ilkinji gezek atlar üçin niýetlenen fotostudiýanyň enjamlaşdyrylypdyr. Studiýada ýylyň dört paslyny alamatlandyrýän görnüşler ýerleşdirilipdir. Bu ýerde Hazar deňziniň, bahar paslyndaky gül-gülälek meýdanlarynyň, Garagum çölüniň we garly daglaryň şekillerini görkezýän ýörite zolaklar bar.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýaşlaryň surata düşmegi we bagşy-sazandalaryň gatnaşmagynda şekilli görnüşleriň döredilmegi üçin şertleriň ýola goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýtmagyna görä, bu mümkinçiliklerden täze durmuş gurýan ýaş çatynjalar hem peýdalanyp biler.

Toplumda atlar üçin ot-iým ýetişdirilmegine hem aýratyn üns berildi. Munuň üçin ýörite bölünip berlen ýerlerde käşir we alma ösdürilip ýetişdirilýär. Türkmen atşynaslarynyň köpýyllyk tejribesine görä, bu önümler ahal-teke atlary üçin ýokumly iýmit bolup durýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow atlara syn edip, käşiriň we almanyň ýokumlylyk derejesiniň ýokarydygyny, şeýle hem olaryň atlaryň saglygyny berkitmekde we bogunlaryny berk saklamakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Ol ot-iým ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýerleriň meýdanyny giňeltmek we bu tejribäni Arkadag şäherinde hem ulanmagyň mümkinçiligini öwrenmek barada maslahatlaryny berdi. Şeýle hem bu ugurda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.