Türkiýede Salahyň oturan ýönekeý bir daşy ýüzlerçe adamy özüne çekip başlady

Şu gün, 20:132,416
1 / 2

34 ýaşly Mohamed Salahyň 2026-njy ýylyň tomsunda «Trabzonspor» toparyna geçmegi eýýäm rowaýaty bir zada öwrüldi. Ýerli janköýerleriň «Liwerpulyň» öňki hüjümçisine bolan biçak söýgüsi, hatda Trabzon welaýatynyň Kürtdere ýaýlasyndaky adaty bir daşyň hem adatylygyny ýitirmegine getirdi.

Futbolçy sosial torlarda Kappadokiýada düşen suratlaryny paýlaşanyndan soň, janköýerler onuň oturan ýerini gözläp tapdy. Şäher häkimiýeti bu ýeri resmi ýagdaýda syýahatçylyk ýerleriniň birine öwürmek üçin daşyň ýanynda «Salah Yaylasi» («Salahyň ýaýlasy») diýen maglumat belgisini ýerleşdirdi. Bu pikir hem jüpüne düşdi. Indi ol ýere müsürli futbolçynyň suratyny gaýtalamak isleýän ençeme syýahatçylar gelýär.

Müsürli türgen futbol meýdançasynda muşdaklarynyň söýgüsini ödeýär. Onuň hasabynda täze klub üçin ähli ýaryşlarda eýýäm 7 gol bar. Iň ýatda galyjy pursat golaýda «Galatasaraýa» garşy geçirilen duşuşyk boldy. Şol duşuşykda Salah Stambulyň öňdebaryjy toparyny 4:0 hasaby bilen utmaga kömek etdi — müsürli futbolçy öz hasabyna het-trik we assist ýazdy.

«Trabzonspor» alty tapgyrdan soň 10 utuk bilen Türkiýäniň Superligasynyň ýaryş jedwelinde ýedinji orunda barýar. Topar indiki duşuşygyny 10-njy oktýabrda «Samsunspora» garşy geçirer.