Braziliýaly gözlegçi Fabiu Kalabriýa Ewanželista da Silwa kosmosdaky 6 müň obýekt barada maglumatlary seljerip, suwuň suwuk görnüşde bolmagy we ýaşaýşyň ýüze çykmagy mümkin bolan sekiz sany ekzoplanetany tapdy.
Ýere iň meňzeş planeta hökmünde 2022-nji ýylda açylan GJ 1002b görkezilýär. Onuň Ýer bilen meňzeşligi 98 göterim diýlip hasaplanýar. Bu planeta bizden 16 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär we gyzyl göýdük ýyldyzynyň daşyndan 10 günde bir gezek aýlanýar.
Uzakdaky ekzoplanetalary häzirlikçe göni öwrenmek mümkin däl. Şonuň üçin alymlar teleskoplaryň kömegi bilen olaryň atmosferasyny seljerýär. Astrofizikler biosignaturalary, ýagny janly organizmleriň işjeňliginden galýan himiki yzlary gözleýär.
Mysal üçin, K2-18b ekzoplanetasynyň atmosferasynda metanyň, kömürturşy gazynyň we Ýerde planktonlar tarapyndan öndürilýän dimetilsulfidiň alamatlary ýüze çykaryldy. Ýöne şeýle gazlar janly organizmler gatnaşmazdan, diňe geologik hadysalaryň netijesinde hem emele gelip biler.

Hatda çylşyrymly organiki birleşmeleriň tapylmagy hem planetada ýaşaýşyň bardygyny aňlatmaýar. Bennu asteroidinden alnan nusgalarda aminokislotalary, şeýle hem RNT-niň we DNT-niň düzüm böleklerini öz içine alýan onlarça organiki molekula tapyldy. Emma bu maddalar hem janly organizmleriň gatnaşmazlygynda, radiasiýanyň ýa-da himiki täsirleriň netijesinde emele gelen bolup biler.
«Eger biz nukleotid görnüşindäki birleşmäni ýa-da RNT-niň zynjyryny tapsak, ýagdaý üýtgär. Bu has ynandyryjy subutnama bolup biler. Sebäbi şeýle molekulalar örän näzik bolýar we geologik şertlerde çalt dargaýar» diýip, NASA-nyň Astrobiologik seljeriş barlaghanasynyň gözlegçisi Hose Aponte düşündirdi.
Alymlar Gün ulgamynyň içindäki missiýalara hem uly umyt baglaýar «Europa Clipperр» kosmos enjamy 2030-njy ýylda Ýupiteriň Ýewropa hemrasyndaky buz gatlagynyň aşagynda ýerleşýän ummany öwrenmegi meýilleşdirýär. «Dragonfly» missiýasy bolsa 2034-nji ýylda Saturnyň Titan hemrasynda ýaşaýşyň bolmagy bilen baglanyşykly himiki alamatlary gözläp başlar.