Samsung Galaxy S27 Ultra-nyň «iň anyk» görnüşi peýda boldy

Düýn, 19:084,289

Insaýder Stiw Hemmerstoffer Samsung Galaxy S27 Ultra-nyň täze görnüşini ýaýratdy. Onuň aýtmagyna görä, bu häzire çenli taýýarlanan «iň takyk» görnüşdir. Suratda geljekki flagman smartfonyň esasy kameralarynyň ýerleşýän süýrgült şekilli blogunyň çak edilýän içki gurluşy görkezilýär.

Görnüşe laýyklykda, dikligine ýerleşýän bloguň içindäki bölekler ýokardan aşaklygyna - ilki telefotokamera, mikrofon, soňra goşmaça datçikleriň toplumy we LED çyrasy ýerleşýär.

Bu tertip öň janköýerler tarapyndan taýýarlanan şekillerden tapawutlanýar. Ol şekillerde çyranyň we datçikleriň ýerleşişi başgaçady. Täze görnüşi taýýarlamak üçin esas hökmünde üpjünçilik zynjyryndan alnan maglumatlar we gorag gaplarynyň şekilleri ulanylypdyr.

Deslapky maglumatlara görä, Galaxy S27 Ultra Samsung, öňki flagman modelleri bilen deňeşdirilende, görnetin täzelenen dizaýna eýe bolar. Galaxy S27 tapgyrynyň resmi tanyşdyrylyş dabarasynyň 2027-nji ýylyň ýanwar ýa-da fewral aýynda geçirilmegine garaşylýar.