Samsung öz enjamlaryny satyn almak üçin keşbekli Galaxy Card karz kartyny çykardy

Düýn, 18:591,229
1 / 2

Samsung kompaniýasy Barclays banky bilen bilelikde Galaxy ekoulgamynyň gurluşlary satyn alnanda ýokary keşbek hödürleýän Galaxy Card karz kartyny hödürledi. Häzirki wagtda bu kart diňe ABŞ-nyň ýaşaýjylary üçin elýeterli bolar.

Galaxy Card adaty Visa karty ýaly işleýär we Samsung Wallet-e girizilendir. Ýüz tutma tassyklanandan soň, ulanyjylar dessine wirtual kartdan peýdalanyp biler, eger isleseler gara reňkli fiziki metal karty hem sargap biler.

Kart eýelerine aşakdaky keşbek şertleri hödürlenýär:

  • 5% — göni Samsung-dan enjamlary satyn alandygyň üçin;
  • 3% — Samsung Wallet arkaly söwda üçin;
  • 2% — Netflix we Spotify ýaly striming hyzmatlaryna ýazylandygyň üçin;
  • 1% — beýleki ähli söwdalar üçin.

Täze müşderiler kart resmileşdirilenden soňky ilkinji üç aýyň dowamynda 2 müň dollara çenli möçberde edilen söwdalar üçin 10% keşbek alyp biler. Mundan başga-da, olara enjamlary ätiýaçlandyrmagy we birinji derejeli hyzmat etmegi öz içine alýan Samsung VIP Advantage abunasyna 20% arzanlaşyk berler.

Kompaniýa Galaxy Card kartyny Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan bir gün öň anons etdi. Karty täze Samsung enjamlarynyň (olaryň arasynda eplenýän smartfonlaryň, akylly sagatlaryň we AR-äýnekleriň bolmagyna garaşylýar) satylyp başlanmagy bilen bir wagtda resmileşdirip bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.