Samsung «Galaxy S26» smartfonlaryny öndürmäge ýetişenok: Günorta Koreýada olara isleg aşa uly

Şu gün, 08:082,365

Samsung kompaniýasy garaşylandan has ýokary bolan satuw görkezijileri sebäpli Galaxy S26 smartfonlarynyň önümçiligini artdyrmak barada netijä geldi. «ETNews» neşiriniň berýän maglumatyna görä, iýul aýynda önümçilik meýilnamasy 1 million enjamdan 1,5 million enjama çenli köpeldildi.

Galaxy S26 eýýäm Günorta Koreýanyň bazarynda Samsung kompaniýasynyň iň köp satylýan smartfon hataryna öwrüldi. Analitikler alyjylaryň ýokary islegini uly göwrümli arzanlaşyklar, giň gerimli promo-aksiýalar we ýat çipleriniň ýetmezçiliginiň dowam etmegi sebäpli elektronika harytlarynyň bahasynyň gymmatlap bilmegi bilen baglanyşdyrýar.

Satuwyň artmagyna itergi beren esasy sebäpleriň biri hem Samsung Electronics Appreciation Festival With The People diýlip atlandyrylan aksiýa boldy. Onuň çäginde alyjylar enjamyň bahasynyň 20%-ini Digital Onnuri Gift Certificates sanly sertifikatlary görnüşinde yzyna alyp bildi. Bu maksatnama başlandan soň, Koreýanyň iň iri onlaýn platformalary bolan 11st we Coupang saýtlarynda Galaxy S26 smartfonlarynyň satuwy, takmynan, üç esse ýokarlandy.

Islegiň birden artmagy smartfonlaryň elýeterliligine täsir etdi. Samsung kompaniýasynyň resmi onlaýn dükanynda Galaxy S26 smartfonlaryny gowşurmagyň möhletleri awgust aýyna süýşürilip başlandy. Kompaniýa iýul aýynyň satuw netijelerine baha bermegi we zerur bolan ýagdaýynda geljek aýda önümçilik göwrümini has-da artdyrmagy meýilleşdirýär.

Şol bir wagtyň özünde, Samsung özüniň indiki uly tanyşdyrylyşyna taýýarlyk görýär — kompaniýa 22-nji iýulda uly «Unpacked» çäresini geçirer, onuň çäginde bolsa Samsung Galaxy Z Flip 8, Samsung Galaxy Z Fold 8 we Samsung Galaxy Z Fold 8 Ultra ýaly täze eplenýän smartfonlaryň tanyşdyrylmagyna garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.