Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini uly kanagatlanma bilen belledi.
«Biz Türkmenistanda ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy berkitmäge Siziň berýän ünsüňize, şeýle hem strategik hyzmatdaşlygymyzyň yzygiderli giňeldilmegine goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow hatynda nygtady.
Döwlet Baştutany türkmen-rus döwletara gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde geljekde hem halklaryň bähbidine berkidiljekdigine berk ynam bildirdi. Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işinde uly üstünlikleri, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.
Wladimir Wladimirowiç Putin şu gün 74 ýaşyny belleýär. Ol Russiýanyň döwlet ýa-da hökümet Baştutany hökmünde ýurdy 1999-njy ýyldan bäri dolandyrýar. Russiýanyň Prezidenti wezipesini 2012-nji ýyldan bäri eýeleýär. 2024-nji ýylyň maý aýynda Putin özüniň bäşinji prezidentlik möhletini ýerine ýetirmäge girişdi.