Awazada tohumçylyk we azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumlar geçirildi

Şu gün, 08:20733

7-nji oktýabrda Awazada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň 27-nji mejlisi, «Semena» assosiasiýasynyň 28-nji mejlisi hem-de olaryň çäklerinde halkara maslahat geçirildi. Bu iri çäreler oba hojalyk edaralarynyň ýolbaşçylaryny, alymlary we seçgiçilik merkezleriniň hünärmenlerini bir ýere jemledi diýlip, Türkmenistanyň resmi metbugatynda aýdyldy.

Geçirilen duşuşyklarda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak we tohumçylyk ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiň mejlisinde GDA ýurtlarynda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek esasy meseleleriň biri boldy. Şeýle-de agza döwletleriň arasynda ýokary hilli tohumlary erkin geçirmek üçin administratiw hem-de fitosanitar päsgelçilikleri aradan aýyrmak, tohumlary sertifikatlaşdyrmagy we barlaghana barlaglarynyň netijelerini özara ykrar etmegi kadalaşdyrmak meselelerine seredildi.

Oba hojalyk ekinleriniň sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan, ýokary hasylly, kesellere we gurakçylyga durnukly görnüşlerini döretmek üçin GDA ýurtlarynyň oba hojalyk ylmynyň mümkinçiliklerini birleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

«Semena» assosiasiýasynyň mejlisinde hünärmenler tohumçylyk pudagynyň ylmy-usulyýet binýadyny pugtalandyrmak, tohumlaryň hilini standartlaşdyrmak we ylmy-barlag institutlary bilen önüm öndürijileriň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ýaly meselelere seretdi.

Duşuşykda molekulýar genetika, tohum gaznalaryny sanly ulgama geçirmek, biologik gorag serişdelerini ulanmak we ösümlikleri mineral serişdeler bilen netijeli iýmitlendirmek boýunça tejribe alşyldy.

Seçgiçilik we tohumçylyk işiniň möhüm meselelerine, şeýle hem oba hojalyk ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga bagyşlanan halkara maslahatda däneli hem-de ýagly ekinleriň tohum bazarynyň ýagdaýy, olaryň eksport şertleri we lomaý söwdanyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mekgejöweniň gibrid tohumlarynyň hilini ýokarlandyrmak we däneçiligiň häzirki zaman tejribelerini ornaşdyrmak meselelerine seredildi.

Şeýle-de logistika zynjyrlaryny gowulandyrmak we tohumçylyk pudagynda döwlet-işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada durlup geçildi.

Çäreleriň çäginde oba hojalyk we azyk önümleriniň giň möçberli sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.