Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Liderleri jemlendi

Şu gün, 12:452,373

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň 8-nji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin bu ýurtlaryň Liderleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna geldiler. Bu barada THP habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilýän duşuşyga Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşýar.

Çäre «Awaza» toplumynda geçirilýär. Myhmanlary bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow garşy aldy. Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanlarynyň bilelikde surata düşmek dabarasy geçirildi.