Awazada oba hojalygyny we Aralýaka sebitini suw bilen üpjün etmegiň çemeleşmesine seredildi

Şu gün, 11:201,898

Aral deňziniň çäklerindäki ekologik ýagdaýyň täsirini ýeňilleşdirmek, Aralyň gurap galan düýbündäki çägeleri berkitmek we beýleki möhüm meseleler 7-nji oktýabrda Awazada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHEHG) döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň 95-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Foruma Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw hojalygy edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Toparyň ýerine ýetiriji edaralarynyň we bölümleriniň hünärmenleri gatnaşdy.

Mejlise gatnaşyjylar Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnlerinde suw serişdeleriniň ulanylyşynyň jemlerini jemläp, nobatdaky döwür üçin suw serişdelerini ulanmagyň möçberlerini hem-de suw howdanlarynyň ylalaşylan iş tertibini tassyklady.

Duşuşygyň dowamynda Aralyň çäklerindäki ekologik ýagdaýyň täsirini ýeňilleşdirmek, Aralýaka çäklere sanitariýa-ekologiýa suw akymyny üpjün etmek, Aral deňziniň gurap galan düýbündäki çägeleri berkitmek we deltalara suw goýbermek boýunça bilelikdäki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem serhetýaka derýa akabalarynda döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, «Amyderýa» we «Syrderýa» suw hojalyk birleşikleriniň gidropostlaryny ýokary takyklygy üpjün edýän täze ölçeg enjamlary bilen üpjün etmek meselelerine seredildi.

Gatnaşyjylar Türkmenistanda damjalaýyn suwaryş hem-de kollektor-akaba ulgamlaryny gurmak boýunça amala aşyrylýan taslamalaryň sebitde suw tygşytlamak boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýandygyny belledi.

Mejlisiň ahyrynda halkara guramalar we maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlykda Aral deňziniň basseýninde energiýa we suw tygşytlaýjy maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň çemeleşmeleri ylalaşyldy.