Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Mejlisine GDA PA-da synçy derejesini bermegi teklip etdi

Şu gün, 11:451,607
1 / 6

GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Mejlisiniň GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesini almak mümkinçiligine seretmek teklibi bilen çykyş etdi. Bu barada THP habar berýär.

Teklip 7-nji oktýabrda Awazada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen Walentina Matwiýenkonyň arasynda geçirilen duşuşykda agzaldy.

Mejlisiň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, bu duşuşykda ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň ösüşi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Dünýägözel Gulmanowa Awazadaky çäreleriň gender deňligi, saglygy goraýyş, demografiýa we durnukly ösüş bilen bagly hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga we öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.

Öz gezeginde, W.Matwiýenko Aşgabatda şu ýylyň 19–20-nji noýabrynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisiniň we 61-nji plenar mejlisiniň, şeýle hem syýasy meseleler we halkara hyzmatdaşlyk hem-de hukuk meseleleri boýunça hemişelik toparlaryň mejlisleriniň geçiriljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol Türkmenistanyň Mejlisine GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesini bermek mümkinçiligine seretmek baradaky teklibi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberendigini habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Matwiýenko anyk çäreleri we degişli komitetleriň gatnaşyklaryny öz içine alýan «ýol kartasyny» taýýarlamak üçin dostluk toparlarynyň bilelikdäki mejlisini geçirmegi teklip etdi. Şeýle hem ol iki ýurduň ýaş parlamentarileriniň arasyndaky özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegi goldady.