2029-njy ýyl GDA-da «Ulag arabaglanyşygy ýyly» diýlip yglan edildi: gol çekilen resminamalar

Şu gün, 09:051,376
1 / 3

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi diýip, TDH habar berýär.

Çäre özara hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesine seljerme bermek, döwletara dialogyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak we öňde duran GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmek üçin meýdança bolup hyzmat etdi.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, senagat hem-de ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, bilelikdäki taslamalary höweslendirmek, ygtybarly önümçilik-üpjünçilik zynjyrlaryny ýola goýmak, şeýle hem netijeli üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek we innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatlar halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň gabat gelýändigini belläp, iri halkara guramalaryň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda, hususan-da:

  • Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen GDA-da 2029-njy ýyly «Ulag arabaglanyşygy ýyly» diýip yglan etmek hakynda Çözgüt;
  • 2027-nji ýylda GDA-da «Hukuk sowatlylygy ýylyny» geçirmek we oňa taýýarlyk görmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy hakynda Çözgüt;
  • Daşary işler ministrlikleriniň arasynda köp derejeli syýasy geňeşmeleriň meýilnamasy baradaky Çözgüt;
  • daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hakynda Teswirnamalaýyn Çözgüt bar.