Braziliýanyň Santa-Katarina ştatyna inen iki tüweleý uly weýrançylyga getirdi. Olaryň biri Çapeko şäherindäki Serafin Enos Bertaso howa menziline zyýan ýetirdi diýip, Milli meteorologiýa institutynyň (Inmet) maglumatlaryna salgylanýan CNN Brasil habar berýär.
Tüweleý howa menziliniň üstünden 4-nji noýabrda geçdi. Ýeliň tizligi sagatda 126 kimometre ýetdi. Tupan terminalyň we esasy zalyň penjirelerini döwdi, fasadyň bir bölegini ýykyp, binanyň giriş zolagyna zyýan ýetirdi.
Howa menziliniň dolandyryş işleri bilen meşgullanýan Voe Xap kompaniýasy onuň işini näbelli möhlete çenli togtadýandygyny yglan etdi.
Ýaramaz howa şertleri ştatyň beýleki sebitlerine hem öz täsirini ýetirdi. G1 Globo-nyň habar bermegine görä, tupanlar we sil sebäpli, Santa-Katarinanyň 20 şäherinde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.