«Yhlas Kagyz» hususy kärhanasy ýetip gelýän Hasyl baýramy mynasybetli «LiuGong» kysymly oba hojalyk tehnikalaryny ýörite ýeňillikli we amatly şertler bilen satyn almagy teklip edýär.
Bu teklipler kärhana tarapyndan «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly (CIET 2026) halkara sergisi mynasybetli taýýarlanyldy. Ýörite teklipler kärhananyň baş ofislerinde 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket eder.
Kompaniýanyň hödürleýän tehnikalarynyň hatarynda dürli işlerde ulanylýan buldozerler, greýderler we ekskawatorlar bar.
- Buldozerler we greýderler täze ýerleri özleşdirmekde, meýdanlary tekizlemekde, topragy arassalamakda, suwaryş we zeýkeş ulgamlarynyň gurluşygynda, şeýle hem oba hojalyk meýdanlaryna barýan ýollary gurmakda möhüm ähmiýete eýedir.


- Tekerli we zynjyrly ekskawatorlar suwaryş we zeýkeş ýaplaryny gazmakda, bar bolan ýaplary arassalamakda we giňeltmekde, suw akabalaryny abatlamakda, şeýle hem ýerleri dürli oba hojalyk işlerine taýýarlamakda ulanylýar.


- Ýük ýükleýjiler (pogruzçikler) önümleri, däne, ot-iým we beýleki ýükleri, dökünleri hem-de oba hojalyk serişdelerini daşamak, ammarlarda we önümçilik meýdançalarynda ýükleri ýerleşdirmek ýaly işlerde peýdalanylýar.

Tehnikalar üçin tölegleri nagt we nagt däl görnüşde amala aşyrmak mümkin. Satyn alynýan tehnikalara 1 ýyl ýa-da 2000 motor sagada çenli kepillik berilýär.
Mundan başga-da, «Yhlas Kagyz» hususy kärhanasynda ähli görnüşli tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlary elýeterlidir we olary ýörite ýeňillikli şertlerde satyn almak bolýar.

Kompaniýa tehnikalaryň ählisine serwis hyzmatlaryny hem ýerine ýetirýär.
Salgy:
Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 97/1, «Maksat Mebel» dükanynyň 3-nji gat, «Yhlas Kagyz» hususy kärhanasy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
- +993 63 42-90-03 — tehnikany satyn almak bilen bagly meseleler boýunça (e-mail: geldi3649@gmail.com);
- +993 63 42-90-06, +993 63 42-90-07 — ätiýaçlyk şaýlary üçin (e-mail: yhlaskagyz11@gmail.com);
- +993 63 42-90-02 — serwis hyzmaty üçin.