Ýakyndan surata düşürmek sungatyna bagyşlanan her ýylky Close-up Photographer of the Year (CUPOTY) bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi. Bu bäsleşik makro-, mikrofotosurat we ýakyn aralykdan düşürilen suratlary öz içine alýar.
Bu ýyl guramaçylara rekord derejede — 15 388 sany iş gelip gowuşdy.
Finalçylaryň sanawy 11 sany tematiki galereýany öz içine alýar. Olaryň arasynda «Haýwanlar», «Möýşekilliler», «Mör-möjekler», «Ýakyn peýzaž», «Studiýa sungaty» we «Suwasty fotosurat» ýaly ugurlar bar.

- «Howada doňup galan» — her ýyl tomsuň aýagyna golaý Portugaliýanyň Algarwe sebitinde ýaş hameleonlar köpelýär. Gün gözýetimden ýokary galdygyça, süýrenijileriň ibirt-zibirdi köpelip, olar daş-töweregi öwrenmäge girişýärler / © Joao Pontes

- «Ýaprak kerçeýän ary» — ýagyşdan soň hoşboý ysly nohut gülüniň üstünde saklanjak bolup asylyşyp duran ýaprak kerçeýän ary. Surat Beýik Britaniýanyň Şropşir graflygynda düşürildi / © Andrei Chetronie

- «Burun çokalamak» — Folklend arhipelagyndaky Si-Lion adasynda dynç alyp ýatan günorta deňiz piliniň burnuny çüňki bilen dörjeleýän jokjoky. Bu guşuň esasy iýmiti oňurgasyz jandarlar bolsa-da, ol arasynda deňiz pilleriniň gany we burun nemi bilen hem iýmitlenýär / © Steffen Foerster

- Möýi butnatman saklap duran ary / © Bidyut Kalita

- Fizarium kömelekleri / © Dawid Myles

- Ýylanyň agzyny öwrenýän garynjalar / © Parks Marilla

- Möjek ary (Philanthus triangulum) Angliýanyň Surreý graflygyndaky Tersli-Kommon tebigy çäginde bal arysy bilen hinine dolanyp barýar/ © Bidyut Kalita

- «Howply ösümlikler» / © Filippo Carugati

- Möýüň portreti / © Craig Loechel
«Makrofotosuratyň, köplenç, ünsden düşýän ownuk-uşak zatlary açyp görkezmek we dünýäni düýbünden başga nukdaýnazardan görkezmek ýaly ajaýyp mümkinçiligi bar» diýip, bäsleşigiň esaslandyryjylarynyň biri Treýsi Kolder belleýär.
Onuň aýtmagyna görä, şu ýylky işler suratçylaryň döredijilik hyýalbentligini, tehniki ussatlygyny we tebigata bolan gyzyklanmasyny aýdyň görkezýär.
Sekizinji CUPOTY bäsleşiginiň baş baýragynyň eýesi 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda yglan ediler.