ABŞ-nyň Sinsinnati uniwersitetiniň alymlary sürüsinden wagtlaýyn aýrylyp, soňra yzyna dolanan totuguşlaryň öz kowumdaşlary tarapyndan hüjüme sezewar bolýandyklarynyň üstüni açdylar. Bu ýagdaý, esasan, toparyň içindäki orunlaryň üýtgemegi bilen bagly bolup çykdy.
Barlagçylar tejribäni kapasada saklanýan monah totuguşlarynda (Myiopsitta monachus) geçirdiler. Gözlegiň netijeleri PLOS Computational Biology ylmy žurnalynda neşir edildi.
Tejribäniň dowamynda alymlar sürüde dürli orunlary eýeleýän käbir guşlary wagtlaýynça toparyndan aýryp, belli bir wagtdan soň ýene-de yzyna goýberdiler. Olar şeýle etmek bilen, süriniň düzümindäki üýtgeşmeleriň guşlaryň özara gatnaşyklaryna nähili täsir edýändigini öwrenmek islediler.
Netijede, garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykdy. Guşlaryň biri sürüden aýrylandan soň, galan totuguşlar özlerinden pes derejede durýan guşlara has köp topulyp başladylar. Wagtlaýyn giden guş yzyna dolanyp gelende bolsa, ýagdaý has-da ýitileşdi. Beýleki guşlaryň «jyny», köplenç, hut şoňa düşdi.

Alymlaryň çaklamagyna görä, bir guşuň ýok wagtynda beýlekiler onuň sürüdäki ornuny eýeläp, sosial basgançakda has ýokary derejä çykmaga mümkinçilik gazanýarlar. Öňki eýesi dolanyp gelende bolsa, täze orunlaryny elden gidermezlik üçin onuň garşysyna çykýarlar. Esasan-da, ozal sürüde ýokary derejäni eýelän guşlar has güýçli garşylyga sezewar boldular.
Barlagyň esasy awtory Annemari wan der Marel bu ýagdaýy şeýle düşündirýär:
«Ýokary derejeli guş sürüden aýrylanda, beýleki guşlar öz aralaryndaky orunlary täzeden paýlaşýarlar. Ol yzyna dolanyp gelende bolsa, topar oňa garşy agressiw hereket edip başlaýar. Munuň sebäbi totuguşlaryň täze eýelän ýokary orunlaryny ýitirmek islemeýänligi bilen bagly bolup biler».
Alymyň bellemegine görä, sürüde ýokary orny eýelemegiň totuguşlar üçin nähili artykmaçlyk berýändigi entek doly anyklanylmadyk bolsa-da, geçirilen tejribelerden bu guşlaryň durmuşynda sosial derejäniň örän möhüm ähmiýete eýedigini duýmak bolýar.
Muňa garamazdan, totuguşlaryň arasyndaky çaknyşyklar, köp halatda, çüňk bilen çokuşmak ýaly ýeňil-ýelpaý uruşlardan aňry geçmeýär we guşlar seýrek ýagdaýda ýaralanýar.
Tebigatda monah totuguşlary uly topar bolup ýaşaýar. Olar şahajyklardan umumy höwürtgeleri gurunýarlar. Asly Günorta Amerikadan bolan bu guşlar wagtyň geçmegi bilen dünýäniň beýleki sebitlerine-de ýaýrapdyrlar.