Mercedes-Benz awtoulag salony üçin şaglawuk oýlap tapdy

Şu gün, 09:152,140
1 / 2

Germaniýanyň Mercedes-Benz awtoulag öndürijisi gönüden-göni awtoulagyň tirsekligine gurnalýan bezeg şaglawugy üçin patent arzasyny çap etdi.

Inženerleriň taslamagyna görä, ol köp gatly aýnadan ýa-da zarba çydamly plastikden ýasalan dury germewiň aňyrsyndaky inçe suw akymly germetik modul bolmaly.

Suwuklyk elektrik nasoslary — çyzgyda iki sany, ýöne düşündirişde bir nasos arkaly aýlanýar. Suwuň basyşyny, akym tizligini we yşyklandyryşy öz rahadyňa ýa-da salondaky yşyklandyryşa görä sazlap bolýar. Tizlik artdyrylanda, tormoza basylanda, öwrümlerde ýa-da eňňitlerde suwuň çaýkanmagynyň we syçramagynyň öňüni almak üçin, onuň ýüzi gidrofil birleşme bilen örtülýär, şeýle-de uzaboýuna mikroganawlar we gapdal ugrukdyryjylar goşulýar.

Gyşyna ulgama islenilýän howa şertlerine laýyk suw-glikol garyndysyny guýmak, aýazly howalarda bolsa sensoryň kömegi bilen ony gyzdyrmak göz öňüne tutulýar. Eger howa gaty sowuk bolsa ýa-da suwuklyk goýalsa, nasoslaryň işi hemme zat gyzýança öçürilýär.

Suwotularynyň döremeginiň öňüni almak üçin biosidler we olara garşy serişdeler goşulýar, şeýle-de yzyna ýapyk ultramelewşe LED-ler gurnalýar. Elektrik energiýasy bilen galtaşmagynyň öňüni almak üçin suwuklyk pes geçirijilikli edilýär, owadan görner ýaly bolsa biraz bulanyk görnüşde ýasalýar.

Elektronika syzmalary, suwuň derejesini, basyşy we nasosa düşýän agramy gözegçilikde saklaýar. Eger ýol heläkçiligi ýüze çyksa ýa-da çaknyşma howpy dörese, ulgam nasoslary, yşyklandyryşy, ýyladyşy hem-de ultramelewşe şöhlesini awtomatik ýagdaýda öçürýär.

Kompaniýa bu aýratynlygyň köpçülikleýin öndürilýän awtoulaglara ornaşdyryljakdygy barada häzirlikçe hiç hili düşündiriş bermedi.