Muhammetgeldi Aýazow Türkmenistanyň Müsürdäki ilçisi wezipesine bellendi

Şu gün, 22:16889

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Nurberdiýewiç Aýazow şol bir wagtda ýurduň Müsür Arap Respublikasyndaky ilçisi wezipesine bellendi.

«Watan» habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Belläp geçsek, Aýazow Türkmenistana Oman Soltanlygynda hem wekilçilik edýär.

Diplomat döwlet Baştutanynyň 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabryndaky Permany bilen Saud Arabystandaky ilçi wezipesine bellenilipdi.

Ondan öň, 2018-nji ýylyň dekabryndan bäri ol Ermenistan Respublikasyndaky ilçi wezipesinde işläpdi, 2022-nji ýylyň ýanwaryndan bolsa şol bir wagtda Türkmenistana Liwan Respublikasynda wekilçilik edipdi.