Germaniýanyň Bayer konserni Hytaýyň derman senagatyna 1 mlrd ýewro maýa goýar

Şu gün, 17:40710

Germaniýanyň iri farmasewtik kompaniýasy bolan Bayer 2030-njy ýyla çenli Hytaýyň derman senagatyna, takmynan, 1 mlrd ýewro (1,1 mlrd dollar) maýa goýmagy meýilleşdirýär.

Sinhua habarlar gullugynyň maglumatyna görä, kompaniýany Hytaýyň bu pudagynda innowasiýalary ornaşdyrmak üçin döredilen mümkinçilikler, kadalaşdyryjy şertler we ýerli bazaryň ösüş mümkinçiligi özüne çekýär.

Maýa goýumlary saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga we üpjünçilik zynjyryny kämilleşdirmäge gönükdiriler. Bayer kompaniýasy bu ädimleriň Hytaýdaky işini giňeltmäge, ýerli näsaglaryň täze derman serişdelerinden peýdalanmak mümkinçiligini artdyrmaga hem-de bu ýurtda işlenip taýýarlanan täze önümleri konserniň halkara önümçilik we ylmy-barlag ulgamyna ornaşdyrmaga ýardam etjekdigine umyt bildirýär.

Maýa goýumlaryň tas 500 million ýewrosy (550 million dollar) Pekinde dermannama boýunça berilýän serişdeleri paýlaýjy merkezi giňeltmäge gönükdiriler. Bu Bayer konserniniň Hytaýyň derman senagatyna gönükdirjek iň iri bir gezeklik maýa goýumy bolar.

Ýaýbaňlandyrylan üznüksiz önümçiligi 2032-nji ýylda ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu ýerde ýürek-damar we onkologiýa kesellerini bejermek üçin ulanylýan derman serişdeleri öndüriler.

Soňky on ýylyň içinde Bayer Hytaýyň ylmy-barlag edaralary, şol sanda Pekin uniwersiteti we Sinhua uniwersiteti bilen bilelikde 110-dan gowrak taslamany amala aşyrdy. Bu taslamalarda, esasan, düýpli ylmy barlaglara we täze derman serişdelerini işläp taýýarlamak işlerine seredildi.