Russiýanyň «Ýandeks» kompaniýasy 2026-njy ýylyň ahyryna çenli ynsanpisint robotlary ulanyp sargytlary eltip bermek boýunça synag taslamasyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada Kommersant gazeti IT pudagyndaky çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
Ilkinji tapgyrda kompaniýa eýýäm işläp ýören robot rowerlerini ynsanpisint robotlar bilen birleşdirip biler. Rower sargydy binanyň girelgesine çenli eltip berer, şondan soň ynsanpisint robot ony içerä salyp, sargytça gowşurar.
Çeşmelere görä, şeýle çemeleşme dürli görnüşli robotlaryň mümkinçiliklerine baglydyr. Rowerler köçelerde netijeli hereket edýärler, ýöne basgançaklarda we bosagalarda hereket edip bilmeýärler. Şeýle-de bolsa, olaryň biriniň belleýşi ýaly, köçelerde adampisint robotlary ulanmak bu golaýda mümkin bolmaz.
«Ýandeks» «sargytlary eltip beriji robotlardan işgärleriň iş ýerlerine çenli gowşurmagy» synagdan geçirýändigini tassyklady, ýöne geljekki taslama barada goşmaça maglumatlary bermekden saklandy. Kompaniýa täze meýilnamalary hakynda aýratyn gürrüň berjekdigini aýtdy.
Söhbetdeş bolnan bilermenler bu taslamany doly täjirçilik hyzmaty däl-de, diňe bir tehnologik synag hasaplaýarlar. Esasy çäklendirmeleriň arasynda ynsanpisint robotlary ulanmagyň gymmada düşýändigini, olaryň hyzmat ediş möhletiniň we ýük göterijiliginiň çäklidigini, şeýle hem howpsuzlyk meselelerini agzaýarlar.
2026-njy ýylyň ikinji çärýeginde «Ýandeks» kompaniýasynyň, takmynan, 1000 sany eltip beriji roweri bardy. Olar 2020-nji ýylyň dekabryndan bäri täjirçilik sargytlaryny ýerine ýetirýärler. Häzirki wagta çenli robotlar Russiýanyň 10-dan gowrak şäherinde işlemegini dowam edýär.