Londonyň Tebigy taryh muzeýiniň we Gýoteborg uniwersitetiniň alymlary Günorta ummanda tapylan çuň suwlarda ýaşaýan gurçugy meşhur aýdymçy Dolli Partonyň hormatyna «Bathyadmetella dollypartonae» diýip atlandyrdy. Açyş barada muzeý habar berdi.
Uzynlygy 14 millimetr bolan bu jandar Antarktidanyň günbatar kenarynyň golaýyndaky Amundsen deňzinde tapyldy. Nusgalar 2008-nji ýylda Britaniýanyň antarktik gullugynyň ekspedisiýasy wagtynda ýygnaldy.

Ekspedisiýa gatnaşyjylaryň ýazgylaryna görä, gurçuk dirikä melewşe reňkde bolupdyr. Ýöne spirtde saklanan döwründe ol tas reňksiz diýen ýaly görnüşe gelipdir. Alymlarda diri gurçuklaryň suratlary ýok.
Awtorlar jandar üçin at saýlanlarynda onuň diňe bir aýdymçynyň saçyna meňzeşligini göz öňünde tutmandyklaryny aýdýar. Şeýle etmek bilen topar Dolli Partonyň aýdym-saz döredijiligini, edebi we haýyr-sahawat işlerini sarpalamak isläpdir.
Bu Bathyadmetella urugynyň diňe ikinji beýan edilen görnüşidir. Ilkinjisini alymlar 1967-nji ýylda açypdy.