Türkmenistan ekologiýa boýunça halkara resminamalaryna goşular

28.03.2020, 23:053,278

Ekologiýa diplomatiýasyny durmuşa geçirmäge hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan köptaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine goşulmagy meýilleşdirýär.
Şolaryň hatarynda BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) howandarlygynda baglaşylan hem-de işlenip düzülen 1983-nji ýylda güýje giren Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak boýunça Konwensiýa (Bonn Konwensiýasy) we 1999-njy ýylda kabul edilen Afrika-Ýewraziýa göçüş ugry boýunça göçýän suw-batgalyk guşlaryny gorap saklamak boýunça Ylalaşyk hem-de 2016-njy ýylda kabul edilen Ozony dargadyjy maddalar boýunça Monreal teswirnamasynyň Kigali düzedişi bar.
Belläp geçsek, häzirki döwürde Türkmenistan agzalan ugur boýunça köptaraplaýyn halkara resminamalarynyň 20-sine gatnaşýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleriniň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny belledi. Bitarap Türkmenistan ekologiýa diplomatiýasyny özüniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň bri hökmünde öňe sürmek bilen, tebigaty goramak ulgamynda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.