Türkmenistana «KamAZ» ýük awtoulaglarynyň ýene-de 46-sy getirildi

03.04.2020, 20:069,599

Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň 20 kub metrlik platformasyna täze «KamAZ-laryň» 46-sy gelip gowuşdy. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.
Täze tehnikalar Russiýanyň «Senator» we «Etim Emin» gury ýük daşaýjy gämileri arkaly iki günüň dowamynda gelip gowuşdy. Ulaglar «Türkmenawtoulaglary» agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň «KamAZ» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda getirildi.
Türkmenbaşy halkara deňiz portuna geçen ýylyň awgust ― sentýabr aýlarynda «KamAz» ýük awtoulaglarynyň 225-si getirilipdi. Täze gelen ulaglar bolsa eýýäm paýtagta sary ýola düşdi. Porta ýakyn günlerde ýene-de 40 «KamAz-yň» gelip düşmegine garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.