«Commerzbank AG» banky Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalary ilerletmäge taýýarlygyny tassyklady

24.04.2020, 14:094,250

«Commerzbank AG» banky bilelikdäki taslamalaryň mundan beýläk öňe ilerledilmegi babatda Türkmenistanyň ykdysady syýasatyny goldaýandygyny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady. Bu barada Döwlet daşary ykdysady iş bankynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy karz beriş edaralarynyň biriniň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly gepleşiklerde bellenildi.
Taraplar Türkmenistanyň bank ulgamyndaky oňyn özgertmeleri belläp, milli ykdysadyýetimiziň bu ugrunda sanlylaşdyrmagyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdiler. Innowasiýalar barada pikir, tejribe we öňdebaryjy usullary alyşmagyň ýurduň maliýe bazaryny durnukly ösdürmäge ýardam edýändigi barada biragyzdan pikirler aýdyldy. Şunda halkara ölçegler nazara alnyp, işleriň guralmagynyň zerurdygy barada bellenildi.
Duşuşygyň barşynda ykdysadyýet boýunça türkmen-german hökümetara iş toparynyň işi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.