Türkmenistan Özbegistana benzin ibermek boýunça liderleriň hatarynda

30.09.2020, 23:0512,482

2020-nji ýylyň geçen sekiz aýynyň netijeleri boýunça Türkmenistan Özbegistana 5,6 mln litr benzin iberdi. Bu barada spot.uz Özbegistanyň statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp habar berýär.

Statistiki maglumatlara görä, Özbegistan Gazagystandan – 47,7 mln litr, Russiýadan – 36,5 mln litr, Gyrgyzystandan bolsa – 232,1 müň litr benzin aldy.
Umumy alanyňda, Özbegistan 90,1 mln litr benzin import etdi, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30 esse artykdyr. Özbegistanyň özünde 694,2 müň litr benzin öndürildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.