Türkmen Lideri Ysraýyl Döwletiniň täze Prezidentini gutlady

10.07.2021, 08:534,961

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adyndan jenap Ishak Gersogy Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlag hatyny ýollady.

TDH-niň berýän habarynda türkmen Lideriniň Ysraýyl Döwletiniň täze Prezidentine iberen hatyndaky: «Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara biz ýokary baha berýäris hem-de bu gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýarys» diýen sözleri getirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.