Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýada Mihael Harms bilen duşuşdy

Şu gün, 12:211,221

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Söhbetdeşligiň başynda Mihael Harms Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň we Federal Kansler Fridrih Mersiň mähirli salamyny ýetirdi.

Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna çakylyk üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideriniň behişdi bedewler baradaky eserlerini yzygiderli okaýandygyny hem-de ahalteke atlaryny dünýäde wagyz etmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Germaniýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Sözüniň dowamynda Milli Lider ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, saglygy goraýyş we oba hojalygy pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň durnukly ösýändigini nygtady. Şeýle hem Türkmenistanda ulanmaga beriljek täze lukmançylyk desgalarynda Germaniýanyň öňdebaryjy enjamlarynyň we emeli aň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylandygyny hem-de germaniýaly hünärmenler bilen hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Pursatdan peýdalanyp, Gurbanguly Berdimuhamedow Mihael Harmsy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Mihael Harms çakylyk üçin hoşallyk bildirdi we german tarapynyň Arkadag şäherinde bina edilýän lukmançylyk klasteri boýunça tejribe alyşmaga we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.