Türkmenistan Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek hakynda Ylalaşygy tassyklady

15.01.2022, 14:3111,852

“Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Daşkent şäherinde gol çekilen “Haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak hem-de hojalygy ýöredijileriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyk”;
Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyk tassyklanyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.