Toyota 2026-njy ýyla çenli elektromobiliň täze neslini öndürer

14.02.2023, 14:0015,448

Toyota Motor ýapon awtoulag konserni  2026-njy ýyla çenli elektromobilleriň täze neslini öndürmegi meýilleşdirýär. Bu barada duşenbe güni awtokonserniň saýtynda çap edilen beýanatda aýdylýar.

"2026-njy ýyla çenli elektromobiliň täze neslini  öndürmek niýetimiz bar, şeýle hem häzirki elektrik ulaglarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýäris" - diýip habarda nygtalýar.

Toyota 2022-nji ýylyň awgust aýynda elektromobiller üçin awtonom batareýalara 730 milliard ýen ( 5,5 milliard dollar töweregi) maýa goýmak kararyna gelendigini mälim etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.