Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktoryny kabul etdi

15.05.2023, 22:316,282

Şu gün, 15-nji maýda ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory Golda El-Hurini Prezident Serdar Berdimuhamedowa geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna täze ugurlaryň goşulandygy mynasybetli degişli sertifikatlary gowşurdy.

Golda El-Hurininiň bellemegine görä, Türkmenistanyň başlangyjy bilen ÝUNESKO-nyň abraýly sanawynyň üsti  2022-nji ýylda «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly ugurlar bilen ýetirildi.
Serdar Berdimuhamedow degişli sertifikatlary gowşurandygy üçin  ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, özüniň baý medeni mirasyny aýawly saklap ony nesilden-nesle geçirip gelýän türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşýan ägirt uly goşandynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň toruna goşmak, şeýle hem geljekde halkymyzyň sungatynyň beýleki görnüşlerini we özboluşly däp-dessurlaryny ÝUNESKO-nyň mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etmek ugrunda häzirki döwürde durmuşa geçirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.