Harby gullukçylara we işgärleriň bir toparyna harby we ýörite atlar dakyldy

28.09.2023, 07:4630,169

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi. Degişli Permana Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

27-nji sentýabrda Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak, harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabaralary boldy.
Bu resminama mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny hem-de jemgyýetimizde kanunçylygy, hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.