Honda howpsuzlyk kemeri bilen bagly kemçilik sebäpli ABŞ-da 300 müň ulagyny yzyna çagyrýar

28.11.2023, 11:446,260

Ýaponiýanyň Honda Motor Co. awtoulag öndürijisi öňdäki howpsuzlyk kemerlerinde öňe çekijiniň bir düzüm böleginiň ýoklugy sebäpli ABŞ-da 300 müňden gowrak ulagyny yzyna çagyrýar diýip, MarketWatch habar berýär.

Kampaniýa Accords we HR-V modellerine degişli bolar diýip, Ýol hereketiniň howpsuzlygy milli dolandyryş gullugynyň (NHTSA) habarynda aýdylýar.
Kemeriň öňe çekilýäninde berçinleýjiniň bolmazlygyny kompaniýa gurnama wagtynda goýberilen ýalňyşlyk diýip düşündirdi.
16-njy noýabra çenli Honda bu mesele bilen baglanyşykly ýedi şikaýat geldi, ýöne şikes alnandygy barada hiç hili habar gelip gowuşmady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.