Kia kompaniýasy ABŞ-da 2024-nji ýylda geçirilen abatlaýyş işleriniň netijesiz bolandygy sebäpli, öňki nesil "Telluride" krossowerleriniň 462 869-syny gaýtadan yzyna çagyrýar. Bu barada ABŞ-nyň NHTSA kadalaşdyryjy organy habar berdi.
Yza çagyryş 2019-njy ýylyň 9-njy ýanwaryndan 2024-nji ýylyň 29-njy maýyna çenli öndürilen awtoulaglara degişlidir.
Munuň sebäbi öňki oturgyçlary sazlaýjy ulgamyndaky näsazlykdyr. Kesgitli şertlerde elektrik hereketlendirijisiniň düwmesi dykylyp biler, şol sebäpli serwopriwod (elektrik hereketlendirijisi) durman işläp biler. Bu bolsa elektrik motorunyň gyzyp gitmegine we ýangynyň döremegine getirip biler. Şeýle ýagdaý daşky täsirler (meselem, urgy) netijesinde oturgyjyň detallary süýşende hem ýüze çykyp biler.
Näsazlygyň alamatlary hökmünde sazlaýyş düwmesiniň dykylmagy, ýanyk ysy ýa-da oturgyjyň aşagyndan tüsse çykmagy bolup biler. Kadalaşdyryjy edaranyň maglumatlaryna görä, kompaniýa ýangyn döremeginiň ýedi ýagdaýy we simleriň eremeginiň 11 ýagdaýy barada habardar. Şikes alanlar barada maglumat ýok.
Abatlaýyş işleri geçirilýänçä, eýelerine awtoulaglary ýapyk binalarda we beýleki ulaglaryň golaýynda goýmazlyk maslahat berilýär.
Hyzmat merkezlerinde hünärmenler bölümi barlaýarlar we serwopriwodyň üznüksiz işlemeginiň öňüni alýan predohranitel oturdarlar. Kia America awtoulag eýelerine duýduryş hatlaryny 13-nji awgustdan başlap iberip başlamagy meýilleşdirýär.