Marvel täze «Fantastiki dörtlügiň» jemleýji treýlerini görkezdi

26.06.2025, 18:094,718
1 / 2

Marvel “Fantastik dörtlük: Ilkinji ädimler” (“Fantastic Four: First Steps”) filminiň soňky treýlerini köpçülige hödürledi. Film dünýä boýunça prokata 25-nji iýulda çykyp, Marvel-iň kinematografik äleminiň altynjy tapgyrynyň başlangyjy bolar.

Film kosmos hudaýy Galaktusa we onuň ýoldaşy Kümüş sýorfere garşy göreşýän supergahrymanlar topary barada gürrüň berýär. Olar soňlugy bilen "Ar alyjylara" (The Avengers) goşular. Bu gahrymanlara bolan hukuklaryň Marvel Studios-yna gaýdyp gelmeginden soň, “Fantastik dörtlügiň” ilkinji çykyşydyr.
Baş keşpler:

  • Rid Riçards / Mister FantastikPedro Paskal
  • Sýu Ştorm / Görünmeýän aýalWanessa Kirbi
  • Jonni Ştorm / Ot adamJozef Kuinn
  • Ben Grimm / MähnetEbon Moss-Bahrah

Beýleki artistler - Ralf Aýnson, Juliýa Garner, Jon Malkowiç, Pol Uolter Hauzer, Mettýu Wud we Nataşa Lýonn.
Filmiň režissýory – Mett Şekman, ol öň “Wanda Wižn” serialy bilen tanalýar.
Ilkinji “Fantastik dörtlük” filmi 2005-nji ýylda çykypdy. Baş keşplerde Kris Ewans, Jessika Alba, Ýoan Grifit we Maýkl Çiklis çykyş edipdi. 2007-nji ýylda onuň dowamy çykdy.
2015-nji ýylda Maýls Teller, Keýt Mara, Maýkl B.Jordan we Jeými Bell bilen täze wersiýasy çykdy, ýöne film ýaramaz garşy alnyp, Rotten Tomatoes-da bary-ýogy 9% baha aldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.