Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Moskwada Mihail Botwinnigiň kubogy ugrunda ýaryşar

08.08.2026, 14:433,242

11 — 18-nji awgust aralygynda Moskwada GDA ýurtlarynyň ýaşlar toparlarynyň arasynda dünýä çempiony Mihail Botwinnigiň altynjy Açyk halkara kubogy geçiriler. Bu çärä Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy hem gatnaşar.

Ýaryş Küşt federasiýalarynyň assosiasiýasy tarapyndan GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň döwletara gaznasynyň goldaw bermeginde guralýar. Ýeňiş ugrunda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň toparlary bäsleşer.

Ýaryşlar aýlawly ulgam boýunça dokuz tapgyrda geçirilip, klassyky wagt gözegçiliginde (90 minut + her göçüm üçin 30 sekunt) alnyp barlar. Ähli döwler internetde göni ýaýlymda görkeziler.

Her toparyň düzümine grossmeýster kapitan, 14 ýaşdan uly bolmadyk üç oglan we bir gyz girer. Kapitanlar beýleki toparlaryň ýaş küştçüleri bilen bir wagtda oýnamak seanslaryny hem geçirer, ahyrky netije bolsa kapitanyň we toparyň oýunçylarynyň toplan utuklarynyň jemine görä kesgitlener.

Guramaçylaryň bellemegine görä, köp gatnaşyjylar üçin bu ýaryş grossmeýstere garşy oýnamakda ilkinji tejribe bolar. Kubogyň öňki gatnaşyjylarynyň birnäçesi soňlugy bilen halkara ussatlary we grossmeýsterler bolup ýetişdiler, häzirki wagtda bolsa iri dünýä ýaryşlarynda milli ýygyndylara wekilçilik edýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.