«Awaza» üç günüň dowamynda halkara diplomatiýanyň merkezine öwrüler

Şu gün, 16:391,668
1 / 3

7-nji oktýabrdan 9-njy oktýabr aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy iri halkara çäreleriniň geçirilýän meýdançasyna öwrüler.

Bu ýerde GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, şeýle hem Hazar ekologiýa sammiti geçiriler diýip, «Altyn asyr» elektron neşiri ýazýar.

Awazada döwlet baştutanlary, ministrler, halkara guramalarynyň wekilleri we bilermenler ýygnanýarlar. Üns merkezine syýasat, ykdysadyýet, ekologiýa we ynsanperwer hyzmatdaşlyk meseleleri çykarylýar. Şeýle hem çäreleriň çäginde degişli mowzuklar boýunça maslahatlaryň, medeni çäreleriň we sergileriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Hazar sebitiniň ekologiýa gün tertibine we tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berler.

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi geçirilýän duşuşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Bu duşuşyklar halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we döwletleriň arasyndaky dialogy berkitmäge gönükdirilendir.