Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýangyç-energetika pudagynda iň iri forumlaryň biri bolan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly XXXI halkara maslahat we sergi (OGT 2026) öz işine başlady. Bu çäre mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow forumyň gatnaşyjylaryna we myhmanlaryna gutlag hatyny ýollady diýip, TDH habar berýär.
«Her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu giň gerimli forum ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary barada pikir alyşmaga mümkinçilik döredýär» diýip, döwlet Baştutany öz gutlagynda forumyň ähmiýetini nygtady.
Prezident ýurduň uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlary barada aýdyp, ýangyç-energetika toplumynyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, köpugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmegi we logistika kuwwatyny berkitmegi ileti tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi.
«Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmegininiň ýurdy mundan beýälk-de ösdürmekdäki we mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmakdaky ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat tapgyrynyň gurluşygynyň üstünlikli dowam edýändigi nygtaldy.
Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynda» uglewodorod serişdelerini gaýtadan işläp, ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmäge gönükdirilen wezipeleriň göz öňünde tutulandygyna hem ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň daşary ýurtly maýadarlar we kompaniýalar üçin hemmetaraplaýyn amatly şertleri döretmäge taýýardygyny aýtdy.
Gutlagynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuşy hem-de işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
OGT 2026 forumy 21-23-nji oktýabr aralygynda dowam eder.