Serbiýanyň dolandyryjy partiýasy saýlawlarda ýeňildi: Aleksandr Wuçiç ýeňlişi ykrar etdi

Şu gün, 11:451,181

Serbiýanyň ozalky prezidenti Aleksandr Wuçiç özüniň ýolbaşçylyk edýän Serbiýanyň Öňe gidiş partiýasynyň möhletinden öň geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňlendigini ykrar etdi. Onuň çaklamasyna görä, parlamentde 140-a çenli orun alyp biljek «Talyplaryň sanawy» atly oppozision hereketi ýeňiş gazandy.

«Saýlawlaryň gutarnykly netijeleri entek belli däl. Saýlama usulyna esaslanan maglumatlardan görnüşi ýaly, bu saýlawlarda ýeňildik. “Talyplaryň sanawy” ýeňiş gazandy: olar 135–140 orun, biz bolsa 105 orun alarys» diýip, Wuçiç Belgraddaky Serbiýanyň Öňe gidiş partiýasynyň ştab-kwartirasynda çykyş etdi.

Onuň sözlerine görä, beýleki hiç bir syýasy güýç parlamentden orun alyp bilmändir. Emma soňra ol milli azlyklaryň käbiriniň sanawlarynyň hem orun alan bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Serbiýanyň Merkezi saýlaw toparynyň habar bermegine görä, 25-nji oktýabrda sagat 18:00-a çenli saýlawçylaryň 64,9 göterimi ses beripdir. «Deutsche Welle» neşirinde bolsa bu hasabyň 1992-nji ýylda Ýugoslawiýa dargaly bäri hasaba alnan iň ýokary görkezijidigi aýdylýar.

Wuçiç ýeňlişi ykrar edýändigini mälim edenden soň, Belgradyň ýaşaýjylary oppozision hereketiň ýeňşini baýram etmek üçin köçelere çykdylar.

Möhletinden öň geçirilen saýlawlara 18 sany saýlaw sanawy gatnaşdy. Esasy bäsdeşlik dolandyryjy Serbiýanyň Öňe gidiş partiýasy bilen «Talyplaryň sanawy — Talyplar ýeňýär» atly oppozision hereketiň arasynda boldy.

Sentýabryň ahyrynda Wuçiç öz partiýasy ýeňiş gazanan ýagdaýynda premýer-ministr bolmak tamasy bilen prezidentlik wezipesinden çekildi. Ol üçünji gezek prezidentlige dalaş edip bilmeýärdi. Wuçiçiň prezident hökmünde ikinji möhleti bolsa 2027-nji ýylyň maý aýynda tamamlanmalydy.